Adam hukuklary mekdebine kabul edilşik başlady

17:1421.02.2023
0
30153

Aşgabatdaky Adam hukuklary mekdebine maýyp ýaşlaryň arzalary kabul edilip başlandy. Mart — sentýabr aýlaryna çenli döwri öz içine alýan okuw möwsümine ýazylmak üçin Aşgabat şäheriniň ýa-da Ahal welaýatynyň çäklerinde ýaşaýan 18 — 30 ýaş aralygyndaky dürli derejeli maýyplygy bolan adamlar ýüz tutup bilerler.

Okuwa kabul edilmek bäsdeşlik esasynda geçiriler. Synagdan üstünlikli geçen ýaşlar adam hukuklary boýunça 7 aýlyk okuw möwsüminde bilim almaga hukuk gazanarlar. Şeýle hem, olar okuw wagtynda adam hukuklary, deňlik we diskriminasiýa ýol bermezlik ýörelgeleri barada giňişleýin tälim alarlar.

«Türkmenistan:Altyn asyr» web sahypasynda bellenişine görä, bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Taslama barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: yelena.butova@un.org

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň