Türkmenistanda giň meşhurlyga eýe bolan, ýaşlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürýän «Däp» haryt nyşany 23-nji fewralda täze ýazky egin-eşik kolleksiýasy mynasybetli fotosergi geçirýär.
«Däp» brendiniň önümçilik topary täzeçil hem-de modadan düşmeýän egin-eşik kolleksiýasyny döretmekde köne stillerden ylham aldy. Täze kolleksiýanyň esasy mowzugynyň nostalgiýa äheňinde bolmagy hem şunuň bilen baglydyr. Brendiň hünärmeniniň bellemegine görä, dizaýnerler geçmiş bilen şu günki döwrüň aralygyndaky baglanyşygy beýan etmäge çalşypdyrlar.
«Geçmişiň ýagty ýatlamalaryny hem-de ruhuny bermek üçin kolleksiýada dymyk we erkin häsiýetli reňklerden peýdalanyldy. Şeýle-de bu geýimlerde nostalgiýa äheňini bölekleýin bezegler, siluetler, formalar, geýimiň gyralary, kontrast tikinler we daşky tikinler hem berýär. Art kolleksiýanyň neşir şekillerini döretmekde gadymy binalara çekilýän diwar sungat eserlerinden peýdalanylýar, köýnekçeleriň birinde bolsa maşgala foto albomyndan alnan toý çakylygy hem şekillendirildi» – diýip, «Däp» haryt nyşanynyň hünärmenleri gürrüň berýärler.
Ýazky çäklendirilen geýim kolleksiýasynyň haryt görnüşlerine switşotlar, joggerler, ýubkalar, köýnekler, kargo-jalbarlar, longsliwler, çagalar hem-de ulular üçin köýnekçeler, şeýle-de özboluşly stildäki termoslar girizildi. Şunuň bilen hem, «Däp» haryt nyşanynyň her täze kolleksiýasyny täze geýimler bilen baýlaşdyrýandygyny bellemek gerek.
Täze kapsula egin-eşikleriniň esasy özenini düzýän geýimler welwet matadan tikilen hem-de gadymy şäheriň şekili ýerleşdirilen geýimler boldy.
Fotosergi hem-de egin-eşik kolleksiýasynyň satuwy 23-nji fewralda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki (B-1.32) we «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezindäki (B-1.32) «Däp» dükanlarynda bolar. Bu çäre sagat 13:00-da başlanar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefon belgileri: (+993 61) 85 77 70, (+993 64) 58 73 88;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: