Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

20:3520.02.2023
0
26114
Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Tendo şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Çeşmede bellenilişine görä, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi Şinji Ýamamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ilçi A.Baýramow Tendo şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bulardan başga-da, taraplar Arkadag şäheri bilen Tendo şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň