«Talyp gözeli — 2023» gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi

18:1420.02.2023
0
38621

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2023» gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi.

Talyp gyzlaryň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny bilşini, edep-ekramlylygyny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli – 2023» gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyryna ýokary okuw mekdebiniň fakultetlerinden jemi on bir sany talyp gyzlar gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler.

Bäsleşigiň düzgünnamasynyň birinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar Türkmenistanyň ösüşlerini, türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany şeýle hem özleriniň sungatda we döredijilikdäki ukyp-başarnygyny hem-de 2023-nji ýylyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, monologdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsdeş gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp türkmen tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

Üçünji şert boýunça talyp gyzlar «Hünärim bar — hormatym bar» ady bilen özleriniň zehinini, ussatlygyny, ezberligini, ukybyny we eliniň çeperligini YUNESKO-da orun tapan keşde çekmek sungaty arkaly açyp görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Şeýlelik-de uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyp gyzlara guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň