Arhiw

Merkezi Aziýanyň iň gymmat 10 futbolçysy belli boldy

14:0717.02.2023
0
26816

«Transfermarkt» internet portaly Merkezi Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçylarynyň sanawyny paýlaşdy.

Sanawyň başyny «Spesiýanyň» we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow çekýär. Ikinji orunda Moskwanyň SSKA-synyň gazagystanly futbolçysy Bahtiýor Zaýnutdinow, üçünjilikde bolsa «Al-Nasryň» özbegistanly futbolçysy Jaloliddin Maşaripow bar.

Ine, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň iň gymmat bahaly 10 futbolçysy:

1. Eldor Şomurodow (Özbegistan / «Spesiýa») ― 7 million ýewro;

2. Bahtiýor Zaýnutdinow (Gazagystan / SSKA) ― 5 million ýewro;

3. Jaloliddin Maşaripow (Özbegistan / «Al-Nasr») ― 2,5 million ýewro;

4. Aziz Ganiýew (Özbegistan / «Şabab Al-Ahli») ― 2 million ýewro;

5. Otabek Şukurow (Özbegistan / «Fatih Karagümrük») ― 2 million ýewro;

6. Igor Sergeýew (Özbegistan / «Tobol») ― 1,4 million ýewro;

7. Nuraly Alip (Gazagystan / «Zenit») ― 1,2 million ýewro;

8. Alekandr Merkel (Gazagystan / «Gaziantep») ― 1 million ýewro;

9. Marat Bystrow (Gazagystan / «Ahmat») ― 1 million ýewro;

10. Ibrohimhalil Ýuldoşew (Özbegistan / «Nižniý Nowgorod») ― 900 müň ýewro.

Türkmenistanly futbolçylaryň iň gymmady Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazowdyr. Transfermarkt oňa 550 müň ýewro baha kesýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň