Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistandaky gar süýşgünlerinde 15 adam heläk boldy

11:5616.02.2023
0
21684

Täjigistanyň gündogaryndaky daglarda gar süýşgünleri netijesinde 15 adam gurban boldy, 12 adam ýaralandy. Dört ýaşaýyş öýi ýumruldy, 35 öýe, şeýle hem hojalyk binalarynyň 5-sine zeper ýetdi.

«Report» neşiriniň habar bermegine görä, bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň metbugat gullugynyň başlygy Umed Ýusifi habar berdi.

Häzir ýitgileriň derejesi kesgitlenýär.

Ýerli sinoptikleriň çaklamalaryna görä, dagdan gar süýşgünleri 19-njy fewrala çenli dowam eder.

15-nji fewralda ýerli wagt bilen takmynan sagat 9:50-de Täjigistanyň Horog şäheriniň Nosir Hisrowy adyndaky ilatly mähellesini uly gar süýşgüni basdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň