Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasyndaky sambo boýunça dünýä çempionaty Bişkekde geçiriler

10:2116.02.2023
0
19720

Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) ýerine ýetiriji komiteti ýaşlaryň arasynda 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyny 13 ― 15-nji oktýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirmek kararyna geldi. Bu barada FIAS-yň resmi saýty habar berýär.

Çempionata ýaşlar bilen bilelikde ýetginjek oglan-gyzlar hem gatnaşar. Ýöne ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlar diňe söweş sambosy boýunça geçiriler.

Bişkek şäheriniň geçen ýylyň 11 ― 13-nji noýabry aralygynda sambo boýunça dünýä çempionatyny hem kabul edendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň