Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördüler

10:5715.02.2023
0
43698

Ýakynda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördüler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, myhmanlar bu ýerde gümrük taýdan resmileşdirmek, üstaşyr ýükler barada deslapky maglumatlaryň ulanylyşy we «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldular. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlylaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça döredilen ýeňillikler dogrusynda pikir alşyldy.

Şeýle hem sanly ulgama geçmek bilen bagly döredilen ýeňilliklerden peýdalanylmagynyň oňyn netijeleri barada maglumatlary Türkiýe Respublikasyndan Türkmenistana gelýän sürüjileriň dykgatyna ýetirmek hakynda netijä gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň