Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak sement öndürdi

09:4414.02.2023
0
15969

Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1,1 million tonna S-400 we S-500 markaly sement öndürdi. Bu barada türkmen metbugatynda çap edilen söhbetdeşlikde habar berilýär.

Kärhana gurluşyk üçin zerur 55 müň tonna töweregi önüm daşary ýurda eksport etdi.

2013-nji ýylda işe girizilen kärhana tehniki enjamlar we önümleriň hili taýdan ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýär. Onuň ussahanalary, kömekçi we jemgyýetçilik desgalary 60 gektar meýdanda ýaýrady. Önümçilik prosesi awtomatlaşdyrylandyr we ol kompýuter programmasy tarapyndan dolandyrylýar. Şeýle hem bu ýerde daşky gurşaw howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Sement öndürmek üçin çig mal ― hek daşy, palçyk, gips, kwars çägesi şu ýakyndaky karýerlerden alynýar.

Şu günler bu zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde S-600 markaly ýokary hilli sement öndürer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň