Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292»-de Julius Angliskas bilen duşuşar

07:2309.02.2023
0
62281

«Bellatorda» çykyş edýän türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow litwaly Julius Angliskasa garşy tutluşyga çykar. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Tutluşyk 10-njy martda San-Hosede (ABŞ), «Bellator 292»-niň çäginde geçirler.

Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellatoryň» türgenidigini we onuň bu guramada çykyş edýän ilkinji türkmenistanlydygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda Döwletjanyň hasabynda 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.

Ýagşymyradowyň «Bellatordaky» karýerasy güýçli pälwanlar Kori Andersona we Karl Albrektssona garşy tutluşyklar bilen başlandy. 2022-nji ýylyň aprelinde «Bellator 277» ýaryşynda Döwletjan braziliýaly Rafael Karwalo bilen duşuşdy. Tutluşyk Ýagşymyradowyň ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Onuň üçin bu ýeňiş «Bellatordaky» ilkinji üstünlik boldy.

Plunge şäherinden bolan 31 ýaşly Julius Angliskas garyşyk söweş sungatynda 13 tutluşyk geçirip, 10 ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň