Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Hojowow bilen düzümini güýçlendirdi

14:1108.02.2023
0
25425
«Altyn asyr» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Hojowow bilen düzümini güýçlendirdi

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň metbugat gullugy «Ahalyň» we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Hoşgeldi Hojowowy erkin oýunçy hökmünde düzüme goşandygyny habar berdi.

Hoşgeldi Hojowow 1996-njy ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda doguldy.

«Ahalyň» hataryna 2018-nji ýylda goşulan Hojowow arasynda «Aşgabat» toparynda hem futbol oýnap geldi. Geçen ýyl bolsa ol «Ahal» bilen ýurduň çempiony boldy hem-de Kubogyny gazandy.

Hojowow 2014 ― 2016-njy ýyllaryň aralygynda Aşgabadyň «Ýedigen» futbol toparynyň köýnekçesini geýdi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna ilkinji gezek 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda çagyrylan goragçy şol ýyl geçirilen Arkalaşygyň kubogynda 5 duşuşykda meýdana çykdy.

Soňky bir ýyldan bäri bolsa ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysydyr. Milli ýygyndydaky ilkinji duşuşygyny geçen ýyl Tailandyň ýygyndysy bilen bolan ýoldaşlyk oýnunda (0:1) geçiren Hoşgeldi Hojowow şondan bäri dört duşuşyga çykdy.

Transfermarkt oňa 75 müň ýewro baha kesýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň