Soňky habarlar

Arhiw

Hüjümçi Selim Nurmyradow «Altyn asyra» gaýdyp geldi

13:5208.02.2023
0
28889

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň metbugat gullugy «Ahalyň» we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Selim Nurmyradowyň topara goşulandygyny habar berdi. Onuň bilen erkin oýunçy hökmünde şertnama baglaşyldy.

Selim Nurmyradow 1996-njy ýylda Aşgabat şäherinde futbolçylaryň maşgalasynda dünýä indi. Onuň kakasy Berdimyrat Nurmyradow türkmen futbolynyň iň görnükli wekilleriniň biridir.

Nurmyradow Kazanyň «Rubin» futbol mekdebiniň uçurymy. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda ol bu toparyň ýaşlar düzüminde hem futbol oýnady.

Hüjümçi 2014-nji ýylda Türkmenistana gaýdyp gelip, «Altyn asyra» goşuldy. Ol täze toparyndaky ilkinji goluny şol ýylyň 16-njy awgustynda «Daşoguzyň» derwezesinden geçirdi. 2015-nji 10-njy fewralynda bolsa ol «Altyn asyr» bilen ilkinji halkara duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk AFK-nyň kubogynyň çäginde «As-Sakr» bilen geçirildi.

Nurmyradow 2020-nji ýylyň ýanwarynda Daşkendiň «Bunýodkory» bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol özbek çempionatynyň bir möwsüminde 17 duşuşykda 2 gezek tapawutlandy.

Selim Nurmyradow 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Liwanyň «Al-Ahed» topary bilen şertnama baglaşyp, ilkinji duşuşygyny şol ýylyň 21-nji maýynda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda «Al-Wahda» bilen geçirdi (0:0).

Nurmyradow 2021-nji ýylda Türkmenistana dolanyp, «Ahalyň» düzümine goşuldy we geçen ýyl Türkmenistanyň çempiony hem-de ýurduň Kubogynyň eýesi boldy.

2015-nji ýylyň ýanwar aýynda ilkinji gezek Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyrylan Selim Nurmyradow Arkalaşygyň kubogy ― 2015-de Estoniýanyň derwezesinden iki pökgi geçirdi.

Selim Nurmyradowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygy geçen ýylyň 27-nji maýynda myhmançylykda Tailandyň ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy boldy. Bu duşuşyk ýer eýeleriniň haýryna 1:0 hasabynda tamamlandy. Transfermarkt tarapyndan 200 müň ýewro baha kesilýän hüjümçi milli ýygyndyda dört duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň