Fransiýanyň öňki Prezidenti Olland näçe pensiýa alýandygyny aýtdy

16:1207.02.2023
0
35717
Fransiýanyň öňki Prezidenti Olland näçe pensiýa alýandygyny aýtdy
Surat: gazeta.ru

Fransiýanyň öňki Prezidenti Fransua Olland döwletden 12 müň ýewro möçberinde pensiýa alýandygyny gürrüň berdi. Ol bu barada RMC radioýaýlymynda aýtdy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Öňki döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, onuň Prezidentlik işi üçin pensiýasy 4 müň ýewro deň, Hasap palatasynda işleýändigi üçin 4 müň ýewro töweregi hak alýar, şeýle-de onuň parlament pensiýasy-da bar. «Meniň aýlyk girdejim 11-12 müň ýewro töweregi çykýar» diýip, Olland nygtady.

Fransiýada ortaça pensiýanyň möçberi geçen 2022-nji ýylda 1509 ýewro ýa-da sap girdejiniň 1400 ýewro möçberinde hasaba alnypdy.

Öň ýurduň premýer-ministri Elizabet Born Fransiýanyň hökümetiniň pensiýa ýaşy babatda ylalaşykly nusgada — 62 ýaşyň ýerine 64 ýaşda saklanandygyny habar berdi. Bu çözgüt ýurtda nägilelik çykyşlaryna getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň