Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň we Siriýanyň Prezidentlerine güýçli ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

22:0906.02.2023
0
54825

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Türkiýäniň günorta-gündogar, Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türk teleýaýlymlarynda ýertitremäniň 7,7 bala deň bolandygy, onuň netijesinde 1651 adamyň ýogalandygy, 11 müň 119 adamyň bolsa ýaralanandygy, 3 müň 471 binanyň ýumrulandygy, 1 hepdelik milli ýas günleriniň yglan edilendigi barada habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň