Siriýada we Türkiýäniň günorta-gündogarynda — Gahrymanmaraş ülkesinde düýn, 6-njy fewralda irden güýji 7,8 baldan gowrak bolan weýrançylykly ýertitremede 2 müňe golaý adam heläk boldy. Bu barada EFE habarlar gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýertitremäniň merkezi Gazandepeden 37 kilometlikde hasaba alyndy.
Türkiýede heläk bolanlaryň sany 1498 adama ýetdi.
Ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan heläkçilikli ýertitremäniň netijelerini aradan aýyrmak üçin 45 töweregi ýurtdan kömek teklip edilendigini habar berdi.
«Bu 1939-njy ýylda Erzinjanda bolan ýertitremeden bäri iň güýçli ýertitremedir. Onuň güýji 7,7 bala deň boldy. Siriýanyň goňşy etraplaryna hem güýçli zyýan ýetdi» diýip, Ärdogan aýtdy.
Düýn günüň aýagynda Türkiýede ýene bir güýçli ýertitreme hasaba alyndy.
«Gazeta.ru» saýtynyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň başlygy Ýunus Sezer 3 müňe golaý binanyň ýykylandygyny habar berdi.
Halas ediş işlerine ýaramaz howa şertleri päsgel berýär, käbir ejir çeken etraplarda gar ýagýar.
«MIR24» habarlar gullugy Türkiýede we Siriýada güýji 6 bal töweregi boljak ýertitremäniň ýene birnäçe gün dowam edip biljekdigi barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň ýertiremeleri çaklamak teoriýasy we matematiki geofizika institutynyň direktory Pýotr Şebaliniň sözlerini getirýär. Şebaliniň sözlerine görä, ýene birnäçe hepdeläp Türkiýede güýçli ýertitremeleriň gaýtalanmak ähtimallygy bar.
«MIR 24» şeýle-de Siriýa Arap Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp, Siriýada pida bolanlaryň 400 adamdan geçendigini, 1300 adamyň ejir çekendigini habar berdi.
Ýertitremäniň Siriýadan we Türkiýeden ötri, Liwanda, Yrakda, Ysraýylda duýlandygy habar berilýär.