Meşhur täjik aýdymçysy Penji Annaýew Aşgabatda myhmançylykda boldy. Onuň türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň öňünde düşen wideosyny «TikTok» sosial ulgamynda eýýäm 130 müňden gowrak adam gördi.
Beýleki bir wideosynda Penji Annaýew Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Daşoguz şäherine gatnaýan şäherara otla münýär.
Türkmen hem-de täjik dillerinde halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmekde meşhur bolan aýdymçy türkmen aýdym-saz söýüjileriniň öňünde ençeme gezek çykyş etdi we hemişe gyzgyn garşylanyldy. 2017-nji ýylyň dekabrynda ol Aşgabatdaky Gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda Täze ýyl konsertine gatnaşypdy. Konserte gatnaşyjylar «Watan», «Türkmen gözeli», «Gara gözli ýar» ýaly türkmen aýdymlaryny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.