Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

21:5904.02.2023
0
34010
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagt şäheriň günorta künjeginde, Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly ulag köprüsiniň ýanyna geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýew garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ýol-ulag düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly pikirlerini, gymmatly maslahatlaryny aýtdy. Şeýle-de ulag ýollarynyň, aýratyn-da, köp zolakly şäher köprüleriniň binagärlik keşbine, bezeg aýratynlyklaryna hem-de desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna zerur ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we dag gerişlerinde çekilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine bardy we ol ýerde alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bu ýerden seleňläp görünýän heýkeliniň ýylyň ähli paslynda türkmen halkyna nur çaýyp durmalydygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän köp gatnawly we gurluşygy babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän köprüleriň bezeg aýratynlyklary, olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hil derejesi we bu künjekleriň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde we häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarydyr mugallymlarynyň garaýyşlarynyň we pikirleriniň öwrenilmelidigine ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň häkimine bu meseleler bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň