Lope de Weganyň täze sahna eseri tapyldy

15:1502.02.2023
0
24322
Lope de Weganyň täze sahna eseri tapyldy
Surat: gazeta.ru

Emeli aň häzirki wagtda awtory näbelli bolan «Fransuz gyzy Laura» atly pýesany kimiň döredendigini kesgitledi. Eseriň golýazmasy Ispaniýanyň Milli kitaphanasynda saklanýar. Netijede, awtory näbelli golýazmanyň eýesiniň meşhur ispan dramaturgy Lope de Wegadygy (1562–1635) anyklandy. Bu barada «EL Pais» neşiri Barselonanyň Awtonom uniwersitetiniň saýtyna salgylanyp habar berdi.

Emeli aň Ispan Altyn asyry (XVI —XVII asyryň başlary) döwrüniň beýleki ýüzlerçe komediýalarynyň ýazgylaryny deňeşdirdi. «Fransuz gyzy Laura» atly pýesa bilen golaýlyk Lope de Weganyň beýleki eserleri öwrenilende, ýüze çykaryldy. Olaryň ählisinde-de birmeňzeş şygyr ölçegi ulanylypdyr.

Pýesanyň düýp golýazmasy saklanmandyr. «Fransuz gyzy Laura» biziň döwrümize asyl nusgadan XVII asyr bilen senelenýän göçürme görnüşinde ýetipdir.

Lope de Wega — ispan şahyry, prozaçy we dramaturg, Ispaniýanyň Altyn asyrynyň ajaýyp wekili. Ol 1562-nji ýylda hünärmentiň maşgalasynda dogulýar. Çagalyk döwründen edebi döredijilik bilen meşgullanyp başlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň