Soňky habarlar

Arhiw

Süleýman Muhadowyň Täjigistanyň çempionatynda karýerasyny dikeltmegi mümkin

23:2131.01.2023
0
21476

Soňky gezek «Ahal» futbol toparynda çykyş eden hüjümçi Süleýman Muhadow karýerasyny dikeldýär.

Onuň erkin oýunçy hökmünde Täjigistanyň «Hujand» futbol topary bilen şertnama baglaşmagy mümkin. Bu barada täjik topary jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan habar berýär.

Süleýman Muhadow Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň uçurymydyr. Ol meşhur türkmenistanly hüjümçi Çaryýar Muhadowyň ogly.

29 ýaşly Süleýman Muhadow HTTU, «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynda futbol oýnady. 2014-nji ýylda bolsa Aşgabadyň HTTU toparynyň düzüminde AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň iň netijeli we iň gowy futbolçysy saýlanyldy.

Muhadow milli ýygyndydaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Wýetnamyň ýygyndysyna garşy geçirdi (1:0). Ol milli ýygyndydaky ilkinji goluny bolsa şol ýylyň 28-nji oktýabrynda Laosyň ýygyndysynyň derwezesinden geçirdi (4:2).

Muhadow 2019-njy ýylyň tomsunda başga bir täjik toparynda ― «Istiklolda» synagdan geçirildi. Şol ýylyň awgust aýynda bolsa ol karýerasyna arakesme bermeli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň