Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary ýurt uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak isleýär

15:2127.01.2023
0
71311

Habar berişimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurtda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu meseleler bilen meşgullanýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlaryň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Ýaşlar ylmy ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokarda agzalan Strategiýada Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edilýär. Mundan başga-da, bu Strategiýanyň taslamasyna medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri girizmek maksat edinilýär. Hususan-da, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki ýurtlaryň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Sport barada aýdylanda, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi. Ýurduň daşary syýasy işinde-de bu meselä uly ähmiýet berilýär. Serdar Berdimuhamedow milli ýaşlar konsepsiýanyň doly goldanylmalydygyny aýdyp, bu ulgamdaky syýasatyň esasy maksadynyň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň