Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýewiň «Soçisi» RPL-iň Gyşky kubogyna gatnaşar

11:5926.01.2023
0
18878

«Soçi» futbol topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «RPL-iň Gyşky kubogy» atly ýoldaşlyk ýaryşyna gatnaşar. Bu gysga wagtlyk ýaryşyň ähli duşuşyklary «Матч ТВ» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp berler.

«Ýaryşa «Spartak», «Soçi», «Rostow» we «Krasnodar» toparlary gatnaşar. Ýaryş 2 ― 11-nji fewral aralygynda Abu-Dabi şäherinde geçiriler. Duşuşyklaryň teswirleýjileri Konstantin Geniç bilen Dmitriý Şnýakin bolar» diýip, rus teleýaýlymy habar berýär.

Aşakda Aşgabat wagty bilen duşuşyklaryň başlanjak wagtlary baradaky maglumaty paýlaşýarys:

2-nji fewral:

  • «Rostow» ― «Spartak», 21:25.

3-nji fewral:

  • «Krasnodar» ― «Soçi», 21:25.

6-njy fewral:

  • «Soçi» – «Rostow», 18:55.
  • «Krasnodar» – «Spartak», 21:55.

10-njy fewral:

  • «Spartak» – «Soçi», 20:55.

11-nji fewral:

  • «Rostow» – «Krasnodar», 21:55.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň