Russiýanyň iň gadymy ulag we logistika kompaniýalarynyň biri türkmen portlary bilen gämi gatnaw gullugynyň döredilmegine gatnaşmaga taýyn.
Russiýanyň «Sowfraht» ulag we logistika kompaniýasy ýakynda Hazar deňzinde Türkmenistan bilen Russiýanyň portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamak işine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Munuň üçin kompaniýa ýük daşaýyş ulgamlarynyň operatory hökmünde hereket etmek üçin ähli zerur çeşmelere we mümkinçiliklere eýe.
Bu barada geçen hepde Astrahanda Russiýanyň Ulag ministrliginiň, Astrahan sebitiniň wekilleriniň, Astrahan we Olýa deňiz portlarynyň ýük daşaýan kompaniýalarynyň we ýük terminallarynyň wekilleri türkmenistanly degişli wekiller bilen geçiren gepleşiklerinde aýdyldy.
«Sowfraht» Russiýa bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygynyň harytlaryň iberiliş wagtynyň gysgaljakdygyny we ýurtlaryň arasyndaky söwdany ýokarlandyrmaga kömek etjekdigini belleýär.
Gepleşikleriň netijesinde Hazar deňzinde yzygiderli ulag ulgamlaryny açmak taslamasyny durmuşa geçirmek üçin ýol kartasyny düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürler forumynda deňiz ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumdan bir gün soň geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň netijesinde 10 resminama gol çekildi.
«Sowfraht» paýdarlar jemgyýeti Russiýada 1929-njy ýylda döredilen garaşsyz ulag we logistika kompaniýasydyr. Ol deňiz we derýa ýük daşamagy amala aşyrýar. Kompaniýa aşa agyr ýükleri daşamakda hem baý tejribä eýe.