Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň täze binalar toplumynyň şekil-taslamasy tanyşdyryldy

16:5825.01.2023
0
45075

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň, Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri şeýle-de institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bilim edarasynyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky pikiri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy institutyň täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Bu ugurda ilkinji ädimler ädildi. Ýokary okuw mekdebiniň täze binalarynyň taslamasy we baş meýilnamasy taýýar diýip, resmi neşir habar berýär.

Taslama okuw işlerini, ylmy gözlegleri guramak, şeýle-de talyplaryň gündelik durmuşyny rahat geçirmek we medeniýetli dynç almak üçin zerur bolan ähli amatlyklary öz içine alýar. Taslamanyň çäklerinde baş binadan başga-da, 6 sany okuw binasy, döwrebap mejlisler zaly, 4 sany umumy ýaşaýyş jaýy, sport zaly, açyk sport meýdançalary, 500 orunlyk naharhana, ýapyk awtoulag duralgasyny gurmak meýilleşdirilýär. Institutyň binalar toplumynyň 26 gektardan gowrak meýdana barabar bolmagyna garaşylýar.

Mugallymlar we talyplar geljekki binalar toplumynyň teklip edilýän taslamasyna ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň