Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegi bilen gutlady

13:1825.01.2023
0
40510

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegi, şeýle hem türkmeniň halkynyň Milli Lideri hökmünde ykrar edilmegi bilen gutlady.

Hatda şeýle diýilýär: «Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm waka — halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz Özbegistanda Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyndaky bu örän uly taryhy wakany garaşsyz dünýewi döwletiň kemala gelmeginde, pugtalanmagynda, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady ösüşini üpjün etmekde Siziň görnükli şahsyýetiňiziň hem-de beýik hyzmatyňyzyň ýokary ykrarnamasy hökmünde kabul edýäris»

Gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmekde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan ulgamlaýyn maksatnamalary hem-de strategiýalary, şeýle hem häzirki giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde eýeleýän möhüm orny we hyzmatlary barada hem bellenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

«Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň işi parasatly türkmen halkynyň döwletliliginiň asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý däpleriniň ýurdy dolandyrmagyň häzirki zaman usullary bilen sazlaşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistanda ornaşdyrylýan täze ulgamyň ýurduň we halkyň bähbidine uly durmuş, iş tejribesine eýe bolan döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleriniň güýç-kuwwatyny, ruhy, aň-paýhas kuwwatyny has doly ulanmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Döwleti dolandyryş ulgamynda Siziň ýurduňyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek isleýärin. Çünki bu özgertmeler durnukly ösüş depginlerini artdyrmagyň, doganlyk türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, Siziň ajaýyp ýurduňyz Türkmenistanda parahatçylygy hem-de asudalygy pugtalandyrmagyň belent maksatlaryna hyzmat edýär» diýip, Şawkat Mirziýoýew hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň