Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

00:5125.01.2023
0
29274

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy we habar berýär.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň, şeýle-de Özbegistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-özbek startegik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meseleler babatda pikir alşyldy.

Taraplar 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde birnäçe bilelikdäki çäreleri — Hökümetara toparynyň, Suw hojalygy meseleleri boýunça bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlislerini, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri we beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşyga geldiler.

Mundan başga-da, sebit we halkara derejeli derwaýys meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň