Soňky habarlar

Arhiw

Saratow döwlet uniwersitetindäki türkmen talyplarynyň sany 1 müň adamdan geçdi

21:3724.01.2023
0
37425

2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Saratow döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany bir müňden geçdi.

Soňky bäş ýylda bu ýokary okuw mekdebindäki türkmen talyplarynyň sany ozalkysyndan 2,5 esse artdy. 2017/2018-nji okuw ýylynda bu ýerde 474 sany türkmen talyby okan bolsa, häzirki wagtda olaryň sany 1159 adama ýetdi. Bu barada uniwersitetiň prorektory Dmitriý Konakow maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň