«Formula 1»-iň meşhur sürüjisi Maýkl Şumaheriň ilkinji awtoulagy satuwa çykarylar. Bu barada «Matç TW» «Daily Express»-e salgylanyp habar berdi.
Nemes sürüjiniň 1991-nji ýylda ýaryşa başlan Jordan 191 ulagy Parižde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwda 1,4 ― 2 million ýewro aralygynda geçiriler diýlip çaklanylýar.
Maýkl Şumaher 2013-nji ýylyň ahyrynda bolan heläkçilikde kellesinde agyr ýaralandy. Onuň häzirki ýagdaýy maşgalasy tarapyndan gizlin saklanýar. Nemes sürüji «Formula 1»-iň ýedi gezek çempiony boldy.