Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

15:0520.01.2023
0
36464

Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlarynyň birnäçesi geçiriler.

15-16-njy fewralda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahatlary, 15-nji martda bolsa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forumy geçirmek meýilleşdirildi.

Olara Türkmenistanyň ýaş alymlary, professor mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Germaniýanyň, Wýetnamyň, Singapuryň, Hytaýyň, Hindistanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, ýaş alymlar gatnaşarlar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň