Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplary hasaba almakda «QR-Face elektron hasabat» ulgamyndan peýdalanylýar

21:0618.01.2023
0
39374

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary «QR-Face elektron hasabat» programmasyny işläp düzdüler.

QR-Face elektron hasabat programmasy islendik ulgamda (ylym-bilim ulgamda okuwçylaryň, talyplaryň, iş edaralarynda işgärleriň we ş.m.) işgäleriň «qr code» arkaly hem-de şol bir wagtda kameradan ýüz tanamak arkaly giriş-çykyş wagtlarynyň elektron hasabatyny bellige almak üçin ulanylyp bilner we ulanyjylara aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär.

• QR code hem-de ýüzden tanamak arkaly hasaba almak.

• Hasaba alynan işgäriň giriş-çykyş wagtyny bellemek.

• Edaranyň ýolbaşçylaryna ähli işgärler barada elektron maglumat bermek.

• Her günki hasabat boýunça gelen we gelmedikleri aýratynlykda görmek.

• Umumy hasbaty ýöretmek (islendik wagta çenli arhiwde saklamak).

Şeýle hem bu ulgam başga-da birnäçe mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Häzirki wagtda «QR-Face elektron hasabat» ulgamy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň