Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy boýunça geçiriler

15:3517.01.2023
0
58036

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda geçirilmesi däbe öwrülen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň III oýny 2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda geçiriler.

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda sagat 15:00-da Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» atly III oýnuň temasy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýörite okuw sapagy geçiriler.

Institutyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň III oýnunyň temasy «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» diýlip atlandyrylýar.

Ozal «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýnunyň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň