Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldu AFK Çempionlar ligasynda çykyş eder

11:3031.12.2022
0
45901

Ronaldu indi ol AFK Çempionlar ligasynda hem çykyş eder. Has takygy, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» klubynyň düzümine goşuldy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Marca neşiriniň habar bermegine görä, Ronaldu täze toparynda ýylyna 200 million ýewro hak alar. Şeýlelikde, portugaliýaly superýyldyz dünýäniň iň köp hak alýan oýunçysyna öwrüldi. Mundan başga-da, iki ýyla niýetlenilen şertnama laýyklykda, toparyň her ýylda ýene-de 100 million ýewro goşmaça tölegi Ronaldunyň hasabyna geçirmegi hem göz öňünde tutulan.
Maglumat üçin, Ronaldu şu wagta çenli «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real» we «Ýuwentus» klublarynda çykyş edipdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň