Türkmen konditer önümleri kärhanasynda täze önümçilik tapgyry işe girizildi

12:5730.12.2022
0
43771

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň konditer önümlerini öndürýän «Datly şerbet» hususy kärhanasynda Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda ýene bir kuwwatly täze önümçilik tapgyry işe girizildi.

Önümçilik bölüminde öň hereket edýän iki hatarda Türkiýäniň ösen tehnikalaryndan peýdalanylsa, bu täze işe goýberilen üçünji hatarda ornaşdyrylan ýokary tehnologiýaly enjamlar Germaniýanyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlarydyr.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde bellenilişi ýaly, tutuş awtomatik usulda dolandyrylýan bu enjamlaryň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 tonna golaý huruşly şokolad örtükli süýjüleri, dürli miwe tagamly marmeladlary öndürmäge mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda bu täze önümçilik tapgyrynyň sazlaşykly işledilmegi netijesinde ýokary hilli süýji önümleriniň 19 görnüşi öndürilýär. Bu süýjüler «Altyn pamyk», «Zemin», «Sarwan», «Uçgun», «Goňur», «Aryjyk», «Şowhun» ýaly we başga-da birnäçe döwrebap atlar bilen atlandyrylýar

Kärhananyň bu önümleri Özbegistan, Täjigistan,Owganystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň