Hindistanly mugallym «Dünýäniň hanymy» boldy

12:4919.12.2022
0
40186

Hindistanly Sargam Kuşal «Dünýäniň hanymy – 2022» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Oňa täji geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi amerikaly Şeýlin Ford geýdirdi.

Ýeňiji mekdep mugallymy we model bolup işleýär. Ol 2018-nji ýylda durmuşa çykandan soňra gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp başlady diýip, «MIR 24» ýazýar.

Hindistandan bu gözellik bäsleşiginde soňky gezek Aditi Gowitrikar ýeňiji boldy, ol 2001-nji ýylda «Dünýäniň hanymy» diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň