Soňky habarlar

Arhiw

«Monforts» kompaniýasy Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşine goşant goşýar

12:3606.12.2022
0
18369
«Monforts» kompaniýasy Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşine goşant goşýar
Surat: monforts.de

Dünýäde dokma pudagy üçin niýetlenen iň täzeçil enjamlary we stanok gurluşlaryny öndürijileriň biri hasaplanylýan «Monforts» nemes kompaniýasy Türkmenistanda dokma senagatynyň ösmegine goşant goşýar. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistandaky sebitleýin satuw müdiri Tomas Paffgeniň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berdi.

— Türkmenistan her gezek düýbünden täze dokma önümçilik desgalarynyň gurulýan bazarydyr. Bu desgalar zerurlyk ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň meýilnamasyna we tekliplerine laýyklykda gurulýar — diýip, Paffgen belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa iň soňky gezek «Cottam» kompaniýasy üçin, şeýle hem Babadaýhandaky we Kakadaky iki sany täze zawod üçin niýetlenen taslamalara gatnaşdy.

Şeýle-de sebitleýin satuw müdiri Türkmenistana iberilýän ýöriteleşdirilen we ýokary awtomatlaşdyrylan senagat enjamlarynyň dokma önümlerini taýýarlamak üçin niýetlenendigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň