Arhiw

Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi

11:3706.12.2022
0
16512
Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi
Surat: tsn.ua

Germaniýanyň Mühendörf şäherinde her ýyl geçirilýän Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşyna bu ýyl müň töweregi adam gatnaşdy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Ýaryş ilkinji gezek şäheriň ýerli ylgaw klubynyň agzalary tarapyndan mundan 14 ýyl öň geçirilipdir. Olar şol wagt Roždestwo baýramy bilen bagly maşgalalaryň arasynda aýratyn gyzykly ýaryş geçirmek isläpdirler. Wagtyň geçmegi bilen ýaryş meşhurlyk gazanypdyr we häzir oňa dürli ýaşdaky adamlar gatnaşýarlar.

Ýaryşyň maksady adamlary ýylyň islendik paslynda sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekdir. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu Germaniýada iň iri Täze ýyl dabarasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň