Soňky habarlar

Arhiw

Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy Ýewraziýa ÝUNESKO-syny döretmegi teklip etdi

10:5506.12.2022
0
17348
Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy Ýewraziýa ÝUNESKO-syny döretmegi teklip etdi
Surat: mir24.tv

Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy Ýewraziýa ÝUNESKO-syny döretmegi teklip etdi, ol ilkinji nobatda medeni hem-de tebigy gymmatlyklary hasaba almak bilen meşgullanar. Bu barada Assambleýanyň Baş sekretary Andreý Belýaninowyň sözlerine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berdi.

Baş sekretaryň aýtmagyna görä, bu başlangyç Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň barşynda ÝUNESKO-nyň işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen öňe sürüldi. Şunda medeni gymmatlyklar maddy we ruhy gymmatlyklar diýlen iki ugra bölünmek bilen, olaryň soňkulary has çalt unudylýar diýip, Belýaninow nygtady.

Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum düýn, 5-nji dekabrda Kazan şäherinde başlandy we ol 8-nji dekabra çenli dowam eder. Çärä bütindünýä mirasy boýunça öňdebaryjy daşary ýurtly hem-de russiýaly bilermenler, şeýle hem bütindünýä mirasynyň ýadygärliklerini dolandyrýan ylmy jemgyýetçilikleriň wekilleri, medeniýet, ekologiýa, bilim ulgamlary boýunça hünärmenler hem-de beýlekiler gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň