Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Niderlandlar çärýek finalda

22:2403.12.2022
0
29370
DÇ-2022: Niderlandlar çärýek finalda
Surat: sports.ru

Niderlandlaryň milli ýygyndysy DÇ-2022-de çärýek finala adyny ýazdyran ilkinji topar boldy. Lui Wan Galyň şägirtleri 1/8 finalda ABŞ-ny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Niderlandlaryň düzüminde Depaý (10), Blind (45+1) we Dýumfris (81) tapawutlanmagy başardylar. ABŞ-nyň ýeke-täk jogap topy bolsa 76-njy minutda Raýtyň adyna ýazyldy.

Niderlandlaryň milli ýygyndysy 1/4 final tapgyrynda Argentina — Awstraliýa jübütliginiň ýeňijisine garşy meýdança çykar. Argentina bilen Awstraliýanyň arasyndaky oýun şu gün 23:55-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň