Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Ýaponiýa garaşylmadyk ýagdaýda Ispaniýany ýeňip, toparçada birinji orny eýeledi

09:0002.12.2022
0
15375

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Ispaniýany ýeňmegi başardy.

Dohadaky «Halifa» stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýaponlaryň peýdasyna tamamlandy. Ýaponiýa ýeňiş getiren gollar Ritsu Doanyň (48) we Ao Tanakanyň (51) adyna ýazyldy. Ispaniýanyň düzüminde Alwaro Morata (11) tapawutlandy.

Bu ýeňişden soňra Ýaponiýa utuklarynyň sanyny 6-a ýetirip, «E» toparçasynda birinji orun bilen pleý-off tapgyryna ýollanma aldy. Toparçada ikinji orun 4 utuk toplan Ispaniýa nesip etdi. Edil şonça utuk toplan Germaniýa bolsa gollaryň aratapawudy boýunça üçünji orny eýeläp, mundial bilen hoşlaşdy.

Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýa Ispaniýa bilen oýunda bary-ýogy 18% topa eýelik etdi. Mundiallaryň taryhynda heniz hiç bir topar topa şeýle az eýelik edip, ýeňiş gazanmagy başarmandy.

1/8 finalda Ýaponiýa Horwatiýa bilen, Ispaniýa bolsa Marokko bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň