Soňky habarlar

Arhiw

Ilham Aliýew türkmen wekiliýetini kabul etdi

19:4829.11.2022
0
19785
Ilham Aliýew türkmen wekiliýetini kabul etdi
Surat: president.az

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda Batyr Atdaýew Prezident Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran saparyna, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen VI sammitine gatnaşmagyna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi we Serdar Berdimuhamedowa öz gyzgyn salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine kanagatlanma bildirildi, şu gün ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler bellendi, energetika, ulag-logistika we özara söwda barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlanandygy bellenildi hem-de ony geljekde has-da giňeltmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Gämi gurluşygy, gämi abatlamak we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň geçirilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda bu ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň derejesinde sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň