Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow häkimlere dolandyryş-çäk üýtgeşmelerine dahylly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy

22:0428.11.2022
0
20211
Serdar Berdimuhamedow häkimlere dolandyryş-çäk üýtgeşmelerine dahylly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak babatda ýerine ýetirilýän işler, şeýle-de welaýatlarda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly işleriň geçirilişi barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta öndürijileriň döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Häkimler welaýatlarda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ilaty bu azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda zerur işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hem hasabat berdiler.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Degişli hasabatlarda Mary welaýatynda gant şugundyrynyň, Lebap welaýatynda bolsa şalynyň bol hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belläp, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleridir tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmelidigi barada aýdyp, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda azyk bolçulygyny berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almakda, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmekde, ilaty olar bilen bolelin üpjün etmekde zerur tagallalaryň görülmelidigini aýtdy hem-de häkimlere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häkimlere welaýatlarda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Degişli häkimlere beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň, şalynyň hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak babatda zerur tagallalaryň edilmelidigi hakynda anyk tabşyryklar berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň