Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleri ýüze çykaryldy

22:2128.11.2022
0
20975

Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda küşti çalt (rapid) hem-de çalasyn (blis) oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Küştüň bu görnüşleri (rapid we blis) boýunça Türkmenistanyň çempionaty resmi ýagdaýda ilkinji gezek geçirildi. Ýaryşa erkek küştçüleriň 50-si we zenanlaryň 22-si gatnaşdy.

Blis boýunça duşuşyklar bary-ýogy 3 minut dowam edýär, her bir göçüm üçin hem oýunça 2 sekunt wagt berilýär. Şunda erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda halkara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew (FIDE-niň blis-reýtingi: 2454) bilen grossmeýster Maksat Atabaýewe (reýting: 2457) taý tapylmady. Ýusup mümkin bolan 21 utugyň 20-sini gazanyp bilen bolsa, Maksat ondan bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. Üçünji orny bolsa FIDE-niň ussady Azar Nurmämmedow (reýting: 2282) eýeledi.

Nusgawy küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony Jemal Öwezdurdyýewa (reýting: 1961) blisde 19,5 utuk toplap, zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda hem ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Ol ýaryşyň tamamlanmagyna eýýäm iki tapgyr galanda çempionlygyny yglan etdi. Lebap welaýatyndan 16 ýaşly küştçi Lala Şöhradowa (reýting: 1756) bolsa 16 utuk ýygnap, ikinji orny eýeledi. Ilkinji üçlügi aşgabatly Ogulsuraý Baýrambaýewa (reýting: 1865) jemledi.

Rapid boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netijeleri Ýusup Baýramgeldiýew (FIDE-niň rapid reýtingi: 2068) bilen Şahruh Turaýew (reýting: 2217) eýeledi. Ýusup esasy bäsdeşi Şahruh Turaýew bilen geçiren duşuşygynda utulan hem bolsa, mümkin bolan 15 utugyň 12,5 utugyny ýygnap, başdan-aýaga çenli öňdeligi elden bermedi. Çempiony utandygyna garamazdan, soňky duşuşyklarynda käbir ýalňyşlyklary goýberen Şahruh bolsa Ýusupdan ýarym utuk yza galdy. Üçünji orna 11,5 utuk toplap bilen 16 ýaşly küştçi Amanmuhammet Hommadow mynasyp boldy.

Lala Şöhradowa (FIDE-niň rapid reýtingi: 1756) bilen Jemal Öwezdurdyýewa (reýtingde 1961-nji orun) bu gezek hem beýleki bäsdeşlerinden öňe saýlandylar. Ýöne blisden tapawutlylykda, rapidde Lala Şöhradowa mümkin bolan 15 utugyň 13,5 utugyny gazanyp, Türkmenistanyň çempiony boldy. Onuň duşuşyklarda görkezen ýokary derejesi 2549 reýtinge gabat gelýär. Ýaryşda ikinji orny bolsa 15 utukdan 13-sini gazanan Jemal Öwezdurdyýewa eýeledi. Ilkinji üçlügi 11 utuk bilen Mary welaýatyndan Merjen Ýalkanowa jemledi.

Türkmenistanyň çempionatynda öňdäki orunlary eýelän küştçüler milli ýygyndymyzyň hatarynda 25 ― 30-njy dekabr günleri aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde blis we rapid boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň