Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Gana Koreýa Respublikasyny ýeňdi

21:4528.11.2022
0
21397

DÇ-2022-niň «H» toparçasyndan orun alan Koreýa Respublikasy — Gana oýnunda Afrikanyň wekili ýeňiş gazandy. Gana ýeňiş getiren gollaryň ikisini Kudus (34, 68) derwezä ýollan bolsa, ýene bir gol Salisunyň (24) adyna ýazyldy. Koreýa Respublikasynyň iki goluna hem Gýu Son Ço awtorlyk etdi. Şeýlelikde, Gana 3:2 hasabynda duşuşygy öz peýdasyna tamamlady. Ýeňişden soňra Gana 3 utuk bilen «H» toparçasynda ikinji orna geçdi. Koreýa Respublikasy bolsa 1 utuk bilen iň soňky ýere ornaşdy. Toparçada ikinji tapgyryň beýleki oýny 23:55-de başlanyp, onda Portugaliýa Urugwaý bilen güýjüni terezä salar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň