Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berler

22:4925.11.2022
0
32828

Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň arasynda gol çekilen «Elektron hökümet ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» esasynda, «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek» atly resminamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň