Aşgabatda nemes işewürleri bilen duşuşyk geçirildi

19:5325.11.2022
0
46329
Aşgabatda nemes işewürleri bilen duşuşyk geçirildi
Surat: newscentralasia

Ýakyn geljekde nemes kompaniýalary ulag we logistika pudagy boýunça Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýärler. «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň habaryna görä, bu barada 23-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Germaniýanyň işewür wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda yglan edildi.

Gepleşiklere türkmen tarapyndan dokma, oba hojalygy, söwda we logistika pudagynda iş alyp barýan döwlet we hususy pudaklaryň kärhanalary gatnaşdy.

German wekiliýetiniň düzüminde «Langen Consulting Engineering GmbH we A». «Monforts Textilmaschinen GmbH & Co» ýaly iri senagat we dokma kompaniýalarynyň wekilleri girdi. Häzirki wagtda, «Monforts» ýokary hilli enjamlary bilen türkmen dokma pudagynda giňden tanalýar. «Langen Consulting Engineering GmbH» logistika we ammar dolandyryş ulgamlary bilen meşgullanýar.

Duşuşykda türkmen transport we logistika pudagyna «Halkara dostluk», «Tylla nal», «Abraýly kesp» we «Ýükli Kerwen» wekilçilik etdi.

Hünärmenler Ýewropadan Türkmenistana multimodal ýük daşamagyň mümkinçilikleri barada söhbet etdiler. «Tylla nal» kompaniýasy hem öz gezeginde howa gatnaw babtdaky hyzmatlaryny hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň