Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täzelenen «Elektronika dünýäsi» dükany açylar

18:0125.11.2022
0
51498

26-njy noýabrda Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täzelenen «Elektronika dünýäsi» dükanynyň açylyşy bolar.

Bu çäre mynasybetli şu ýylyň ahyryna çenli dükanyň müşderilerine birnäçe arzanladyşlar we aksiýalar garaşýar: ýagny ähli harytlaryň bahalary 20% arzanladylar, mundan başga-da käbir harytlar üçin has uly arzanladyşlar geçiriler. Dükanyň her bir müşderisine bolsa özboluşly sowgatlar gowşurylar. Mundan başga-da dükanyň içinde «Tehnika dünýäsi» elektronika enjamlary bejeriş serwis merkeziniň hem bardygyny habar berýäris.

«Elektronika dünýäsi» dükany ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşlerini ýagny: telewizorlaryň, kir we gap-gaç ýuwujy maşynlaryň, kofe maşynlarynyň, mikrotolkun peçleriň, tozan sorujylaryň, sowadyjylaryň, gurnalýan we kiçi göwrümli hojalyk tehnikalaryny müşderilere hödürleýär. Şeýle-de dükanda howly we ekine ideg etmek üçin niýetlenen tehnikalary hem satyn alyp bolýar. Dükanda her bir haryda 1 ýyldan 3 ýyla çenli kepillik berlip, olary şäher içine mugt eltip berme hyzmaty ýerine ýetirilýär.

Giňişleýin maglumat almak üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183-nji jaý;
  • dükan: (+993 60) 14 22 53;
  • hyzmat merkezi: (+993 60) 14 22 54, (+993 60) 14 22 55;
  • sosial media ulgamyndaky hasaby.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň