Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Urugwaý — Koreýa oýny golsuz gutardy

20:4524.11.2022
0
26292
DÇ-2022: Urugwaý — Koreýa oýny golsuz gutardy
Surat: AFP

DÇ-2022-niň «H» toparçasyndaky birinji tapgyryň oýnunda Urugwaý Koreýa Respublikasy bilen 0:0 hasabynda deň oýnady. Birneme içgysgynç geçen duşuşygyň dowamynda taraplaryň geçiren hüjümleriniň diňe birinde derwezä dürs urgy ýollandy. Şeýle ýagdaý 1966-njy ýyldan bäri ikinji gezek gaýtalanýar. Mundan ozal 1986-njy ýyldaky mundialda Daniýa — Şotlandiýa oýnunda bütin duşuşygyň dowamynda diňe bir sany dürs urgy hasaba alnypdy. «H» toparçasynda birinji tapgyryň beýleki oýny şu gün 21:00-da başlanyp, onda Portugaliýa Gana bilen güýç synanyşar.

Koreýa Respublikasy indiki tapgyrdaky oýnuny 28-nji noýabrda Gananyň ýygyndysyna garşy geçirer. Edil şol gün Portugaliýa bilen Urugwaýyň arasynda hem oýun geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň