Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Meksika Polşa bilen golsuz hasapda deň oýnady

23:5822.11.2022
0
23377

DÇ-2022-niň «C» toparçasynda birinji tapgyrdan soňra Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy ýeke-täk lidere öwrüldi. Sebäbi biraz ozal tamamlanan duşuşykda Meksika Polşa bilen golsuz hasapda deň oýnady. Aglaba bölegi Meksikanyň üstünligi bilen geçen oýnuň 55-nji minutynda Lewandowskä garşy gödek oýnalandygy üçin oýnuň baş emini VAR-a seretmek arkaly Polşanyň peýdasyna penalti berdi. Emma jebir çeken oýunçynyň depen topuny meksikalylaryň derwezeçisi ussatlyk bilen gaýtarmagy başardy. Şeýlelikde, Polşa dünýä çempionatlarynda bassyr üç penaltini ýele sowran ilkinji ýygyndy boldy. Mundan ozal polşaly oýunçylar 1978-nji ýyldaky mundialda Argentinanyň, 2002-nji ýyldaky mundialda ABŞ-nyň derwezesine 11 metrlik nokatdan top salmagy başarmandylar.

Ýeri gelende bellesek, günüň birinji oýnunda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy Argentinany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda birinji tapgyrdan soňra Saud Arabystany 3 utuk bilen «C» kwartetinde liderlik edýär. Polşanyň we Meksikanyň ýygyndylary 1 utuk bilen 2-3-nji ýerleri paýlaşýarlar. Heniz utuk gazanyp bilmedik Argentinanyň ýygyndysy bolsa iň soňky orna ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň