Türkmenistanyň we Maliniň Russiýadaky ilçileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

16:2022.11.2022
0
20218

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew şu gün Maliniň Moskwadaky ilçisi Haruna Samake bilen duşuşdy we onuň bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň resmi web sahypasy habar berdi.

Diplomatlar duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Maliniň arasynda taryhy gatnaşyklaryň bardygyny, hususan-da iki döwletiň paýtagtlary — Aşgabat we Bamakonyň arasynda doganlaşan şäher gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny bellediler. Şu nukdaýnazardan, türkmen-mali gatnaşyklarynyň dowamlylygyny saklamagyň ähmiýeti nygtaldy.

Maliniň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Haruna Samake, Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasynda söwda, ykdysady, medeni we syýasy gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermek üçin tagalla etmäge taýýardygyny aýtdy.

B.Nyýazlyýew öz gezeginde Mali bilen dostlukly, deňhukukly, özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge, ýokary derejede özara saparlary guramak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň we Maliniň ilçileri iş gatnaşyklaryny has-da berkitmek babatda ylalaşdylar.

Günbatar Afrikada ýerleşýän Mali Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň