Soňky habarlar

Arhiw

DIM-de BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

13:4122.11.2022
0
18278
DIM-de BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy hanym Aşita Mittala sapar bilen gelendigi we Aşgabatda Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we şunuň bilen ugurdaş meseleler boýunça kiçi komissiýanyň 55-nji mejlisini bilelikde guramak üçin eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu çäräniň Türkmenistanyň 2020—2023-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdelerine garşy komissiýasyna agzalygynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belläp, türkmen tarapy mejlisiň netijeleriniň sebitde bolşy ýaly, bütin dünýäde hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek üçin milli, sebitleýin we global maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha berip, Türkmen gümrük gullugynyň gazananlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine goşulmak we täze halkara söwda gatnaşyklaryny açmak ugrundaky tagallalarynyň üstünligini ykrar etdiler.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym A.Mittaly şu ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Dialog — parahatçylygyň kepilligi» atly Maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň