Soňky habarlar

Arhiw

Leonid Sluskiý «Rubiniň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

12:5716.11.2022
0
11518

«Rubiniň» metbugat gullugy sosial ulgamlarda toparyň oýunçylarynyň öňki baş tälimçisi Leonid Sluskiý bilen bilelikdäki suraty paýlaşdy. 15-nji noýabrda, 51 ýaşly hünärmeniň wezipesinden çekilýändigi barada gelen karary belli boldy.

Surata: «Tälimçi, ähli zat üçin sag boluň» diýlen ýazgy ýerleşdirildi.

Sluskiýniň 2019-njy ýylyň dekabryndan bäri «Rubine» ýolbaşçylyk edendigini ýatladýarys. Onuň ýolbaşçylygynda Kazan topary 2020/2021-nji ýyl möwsüminde RPL-da dördünji orny eýeledi. 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň ahyrynda «Rubin» Melbet Birinji ligasyna düşdi.

Bu möwsüm «Rubin» 18 oýunda 31 utuk gazanyp, çempionlyk sanawynda dördünji orunda barýar. Häzirlikçe topara Ýuri Utkulbaýew ýolbaşçylyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň